Eýranda 186 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 186,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2536 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 461-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 225 müň 205 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 162 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 10,670-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 186,180 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 10 million 270 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 505 müňden gowragy öldi we takmynan 5 million 570 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.