Namaki: Eýran, Kowid-19 sanjymyny öndürmek pudagyna girdi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Eýran kowid-19 keseline garşy sanjym öndürmekde örän täsirli ädim ätdi we ýakyn wagtda bu sanjymy adam synagyndan geçirer" -diýdi.
Eýranyň Saglyk ministri Said Namaki sişenbe güni Tehranda "Farmax West Asia 2020" halkara derman sergisiniň açylyş dabarasynda Eýranly gözlegçileriň Kowid-19 keseline garşy sanjym öndürmek baradaky tagallalaryna ünsi çekip, sanjym üçin haýwan synagynyň üstünlikli geçendigini we adam synag etabynyň ýakyn wagtda başlajakdygyny aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministri lukmançylyk we lukmançylyk enjamlary pudagynda içerki önümçiligiň ýokarlanmagyna ünsi çekdi we sanksiýalaryň kyn şertlerinde Eýranda hiç bir keseliň esasy dermanlaryny taýýarlamak kyn däldigini aýtdy.
Namaki, Eýranyň çig we täsirli derman çig malyny öndürmekde sebitdäki iň güýçli ýurtlardan biridigini aýtdy we häzirki wagtda alymlaryň we bilime esaslanýan kompaniýalaryň tagallasy bilen Eýranyň derman çig mallaryny eksport edýänleriň biridigini aýtdy.