Eýranyň raketa we harby programalary goranyş esasyndadyr
(last modified Wed, 20 Dec 2017 17:09:34 GMT )
Dec 20, 2017 22:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň raketa we harby programalary goranyş esasyndadyr

Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranyň raketa we harby işleriniň goranyş esasyndadygyny aýdyp goňşy ýurtlaryna we başga ýurtlara Eýranyň el gatmanlygyny taryh gowy görkezýändir diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýranyň tele-radio habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Yslam Respublikasy raketa we harby programalary ugurdaky ýolundan yzyna gaýtmaz we öz milletini goramakda we terrorizme garşy göreşmekde şeýle-de durnuklylygy berkarar etmekde hiç kimden rugsat almaz diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de Ýemenden Riýada tarap atylan raketanyň Eýranly bolmagy baradaky toslamany esassyz aýyplama hasaplap Eýran bilen Ýemeniň arasynda hiç hilli harby hyzmatdaşlyk ýoklygyny aýtdy.

Ýemeniň hemme taraplardan Arabystan arkaly gurşalyp duran wagtynda Eýranyň bu ýurda gumanitar kömekleri ýetirip başarmaýan mahaly nähili harby kömekleri Ýemene ýetirsin diýip Eýranyň daşary işler ministriniň metbugat wekili Bahram Gasemi aýtdy.

Gasemi şeýle-de Saud Arabystanyň Ýemene garşy hüjümleriniň herne basym togtadylmagyny nygtady.