Eýranda 191 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8054-eýranda_191_müňden_gowrak_adamyň_korona_keselinden_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 191,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 01, 2020 11:27 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 191 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 191,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2549 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 621-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 230 müň 211 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 141 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 10,958-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 191,489 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 10 million 610 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 515 müňden gowragy öldi we takmynan 5 million 820 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.