Ruhani:Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna syýasy zarbanyň urulmagyna ýol bermez
Eýranyň prezidenti Tähranyň hemişe syýasy, kanuny we ahlak borçlaryny ýerine ýetirýändigini aýtmak bilen eger Amerikalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna syýasy zarba urmak isleseler, Yslam respublikasy muňa ýol bermez we aýgytly çäre görer diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde ABŞ-nyň täze döwletiniň Ak tamda işe girişeninden üç ýarym ýyl geçendigine yşarat edip bu döwürde halkara jemgyýetçiligi Waşingtonyň Tährana garşy bikanun we adam hukuklaryna garşy hukuk bozulmalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Amerikalylar öz hasaplamalarynda mümkinde ykdysady bölümlerde üstünlik gazanmaklaryndan gürrüň gozgasynlar emma syýasy, kanuny we ahlak taýdan Amerikalylar soňky üç ýarym ýylda birnäçe gezek şowsuzlyga uçradylar diýdi.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani soňky hepdelerde Amerikalylaryň syýasy şowsuzlyklaryna yşarat edip şu güne çenli Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli agza döwletleri ABŞ-nyň Eýrana garşy rezolýusiýasynyň taslamasyna garşy çykdylar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Howpsuzlyk Geňeşinde we dünýäde jemgyýetçilik pikirini döretmekde üstünlik gazanyp bilmediler diýip beýan etdi.
Ruhani, şeýle hem BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 14 agzasynyň bu Geňeşiň düýnki mejlisinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna we 2231-nji kararyna berýän goldawyny ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan syýasy şowsuzlygynyň görkezijisi hökmünde häsiýetlendirmek bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky garşy taraplar haçanda öz jogapkärçiliklerinde tapylsalar Eýran hem bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerine dolanjakdyr diýip sözlerine goşdy.