"Natanz" ýadro desgasynyň gurluşyk meýdançasynda bolan waka
Jul 02, 2020 14:25 Asia/Ashgabat
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary Natanz ýadro desgasynyň açyk meýdanynda gurulýan ammarlaryň birinde heläkçiligiň bolandygyny aýtdy.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň Jemgyýetçilik diplomatiýasy we maglumat merkeziniň penşenbe güni beren hasabatyna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary "Behrouz Kamalwandi": "Bu heläkçilik hiç hili ýitgi çekmedi we bu toplumyň häzirki işine zyýan bermedi" -diýdi.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary: "Toplumyň hereketsizligi sebäpli hapalanmak ähtimallygy barada alada etmegiň zerurlygy ýok, indi guramanyň hünärmen toparlary wakanyň bolan ýerinde bolup, bu wakanyň sebäplerini derňeýärler" -diýdi.