Zarif: Amerikanyň syýasaty Eýrana iň ýokary basyş etmekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8077-zarif_amerikanyň_syýasaty_eýrana_iň_ýokary_basyş_etmekdir
Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň hereketleriniň zorlukly we ykdysady terrorçylykdygyny aýtmak bilen,ABŞ-nyň ähli syýasatlarynyň arkasynda Eýrana garşy iň ýokary basyş bermek ýatandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 05, 2020 10:48 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Amerikanyň syýasaty Eýrana iň ýokary basyş etmekdir

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň hereketleriniň zorlukly we ykdysady terrorçylykdygyny aýtmak bilen,ABŞ-nyň ähli syýasatlarynyň arkasynda Eýrana garşy iň ýokary basyş bermek ýatandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif  şu gün mejlisde Eýran Yslam Respublikasynyň halkara özgerişleri we daşary syýasaty barada beren gürrüňlerinde Amerika Eýrana garşy hemme taraplaýyn söweşe baş goşup Eýrany dünýä üçin howply edip görkezjek bolýandyr şonuň üçin hem basyşlar we ýalan ýaşryk gürrüňler bilen başgalary özüne hemra edip Eýranyň dost ýurtlaryna hem basyş bermegiň yzyndadyr ýöne Amerikanyň bu syýasaty Eýran ilatynyň we jogapkärleriniň çydamy bilen şowsuzlyga uçrandyr diýip beýan etdi.

Amerika Eýrana berýän basyşlaryny güýçlendirmek ugurda 2018-nji ýylyň Ýanwar aýyndan bäri Eýrana garşy BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyny 4 sapar gurnady emma her sapar beýleki ýurtlaryň hemralyk etmekden saklanmaklary bilen ýüzbe-ýüz boldy şeýlelik bilen Amerika özüniň Eýrana garşy syýasatynda ýyl ýyldan çetleşip ugrady diýip Zarif sözlerine goşdy.