Galibaf: Eýran Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hetden aşmagynyň garşysynda durar
Eýranyň parlament başlygy Yslam respublikasy Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň akla laýyk gelmeýän islegleriniň garşysynda durar diýip nygtady.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Baker Galibaf, parlamentiň şu günki açyk mejlisinde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýrana garşy kararyna yşarat edip Eýran duşmanlaryň Içalyçylyk we maglumatlar halkalaryny kämil ederler ýaly olaryň çäksiz suratda Eýranyň içinde her bir işi etmeklerine ýol bermez diýip belläp geçdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşi 19-njy iýunda Orsýet we Hytaý ýaly käbir ýurtlaryň garşylygyna garamazdan, Ýewropa Troikasynyň (Angliýa, Fransiýa we Germaniýa)Eýrana garşy syýasy kararyna ses berdi.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Baker Galibaf şeýle-de Eýranyň borçnamalaryny azaltmak syýasaty barada durup geçip, borçnamalaryny azaltmagy dowam etdirmek bilen bir hatarda, Eýranyň halkara atom energiýasy gullugy bilen öz borçnamalarynyň bir bölegi hökmünde işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.