Eýranda 201 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 201,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2560 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 295-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 240 müň 438 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 163 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 11,571-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 201,303 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 11 milliondan 400 müňden geçendir şolardan azyndan 534 müňden gowragy öldi we takmynan 6 million 455 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.