Ruhani: Duşmanlaryň Eýranyň ykdysadyýetiniň çökmegi baradaky dildüwşigi başa barmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, duşmanlaryň Eýranyň ykdysadyýetiniň çökmegi baradaky dildüwşüginiň başa barmajakdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün döwletiň ykdysady ştabynyň ýygnagynda halkyň we ýurduň görnükli şahsyýetleriniň nebitsiz ykdysadyýet baradaky köpden bäri isleýän islegleriniň amala aşandygyny aýtmak bilen Zulumly sanksiýalar we koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dörän bulaşyklyga we agyr ykdysady çökgünlige garamazdan, önümçilik we eksport pudaklarynda Eýranyň ykdysady ösüşiniň ýüzi öňe tarapdyr diýip beýan etdi.
prezident Hasan Ruhani duşmanlaryň özleriniň ýola berip duran ykdysady basyşlaryny güýçlendirip hem-de çylşyrymly ruhy uruşy ýola goýmak bilen Eýranyň nebitsiz ykdysadyýet tejribesini şowsuzlyga uçratmagyň yzyndadyrlar diýmek bilen duşmanlar bir tarapdan Eýranyň baýlyklarynyň ýurda gelmegine böwet döretýändirler aýry bir tarapdan hem walýutanyň we kä harytlaryň bahasynyň oýnap durmagyny bahanalap Eýranda nebitsiz bolan ykdysadyýet netijesiz bolandyr diýen pikiri ýaýratýarlar diýip belläp geçdi.
geçen üç ýyllykda zalymlykly sanksiýalaryň ýola goýulyp Eýranyň nebit eksportyna kynçylyk döredilmegine hem-de Eýranyň baýlyklarynyň ýurda getirilmegine böwet bolunmagyna garamazdan ýurtda walýutanyň bahasy kontrol bolandyr emma soňky aýlarda koronanyň döreden kynçylyklary bilen serhetleriň baglanylmagy eksportyň meselesini bir çende ýatyrdy bu bolsa ýurtda walýutanyň bahasynyň oýnamagyna sebäp boldy ýöne geljek aýlarda eksport bilen importyň adatylaşmagy bilen ýagdaý hem adatylaşar diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.