Zarif:Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky borçlaryna jogapkär bolsynlar
(last modified Tue, 07 Jul 2020 12:14:23 GMT )
Jul 07, 2020 17:14 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky borçlaryna jogapkär bolsynlar

Eýranyň daşary işler ministri Yslam respublikasynyň 40 ýyldaky iň berk sanksiýalaryň garşysynda üstünlikli durup bilmegine yşarat edip ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky borçnamalaryny ýerine ýetirmek Ýewropalylaryň bähbidinedir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif düýn Ortaýer deňizi 2020 ady bilen wideo konferensiýa şekilinde geçirilen maslahatda beren gürrüňlerinde Waşington özüniň Eýran baradaky boluşyny düzeltmelidir we Amerikanyň indiki döwleti Waşingtonyň Eýran milletine töňkän zyýanlarynyň ýerini dolmaga jogapkärdir diýip nygtady.

Zarif diplomatiýany halkara meseleleriň mynasyp çykalgasy bilmek bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ele gelmeginiň üstünden 5 ýylyň geçmegine garamazdan Eýran bu ylalaşygyň kä taraplarynyň eden iş bozarlyklary bilen hem-de Ýewropalylaryň öz borçlarynda tapylmazlyklary bilen bu ylalaşygyň ykdysady bähbitlerinden nep gören däldir diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Eýranyň ýarag gadaganlyklarynyň ýatyrylmagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna yşarat edip bu mesele barada ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda ylalaşyk boldy şoňa görä hiç kim ony üýtgedip bilmez diýip beýan etdi.