Eýranda 207 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8103-eýranda_207_müňden_gowrak_adamyň_korona_keselinden_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 207,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 07, 2020 13:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 207 müňden gowrak adamyň korona keselinden gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 207,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2637 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 455-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 245 müň 688 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 200 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 11,931-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 207 müňden gowrak näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 11 milliondan 740 müňden geçendir şolardan azyndan 540 müňden gowragy öldi we takmynan 6 million 736 müň adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.