Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyna Liwanda alnyp gaçylan Eýranly diplomatlary tapmak baradaky islegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8108-eýranyň_birleşen_milletler_guramasyna_liwanda_alnyp_gaçylan_eýranly_diplomatlary_tapmak_baradaky_islegi
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili BMG-nyň Baş sekretaryna ýazan hatynda Liwanda alnyp gaçylan dört Eýranly diplomatyň ýagdaýyny anyklamak üçin hakykaty derňeýji komitetiniň döredilmegini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 07, 2020 17:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyna Liwanda alnyp gaçylan Eýranly diplomatlary tapmak baradaky islegi

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili BMG-nyň Baş sekretaryna ýazan hatynda Liwanda alnyp gaçylan dört Eýranly diplomatyň ýagdaýyny anyklamak üçin hakykaty derňeýji komitetiniň döredilmegini isledi.

1982-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Liwanda dört eýranly diplomat alnyp gaçyldy we olaryň ykbaly henizem belli däl.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,toplanan maglumatlardan mälim bolşyna görä Eýranly ýaňky diplomatlar 1982-nji ýylda Sionist güýçleriň kontrolynda bolan Beýrutyň golaýynda bir sebitde ogurlanmagyndan soň Sionist režimiň erkinde goýulupdyrlar we soň toplanan şaýatlyklar hem bu diplomatlaryň Sionist režimiň türmelerinde saklanylýandyklaryny görkezýändir diýip Eýranyň BMG-syndaky hemişelik wekili Majid Takht-e Rawançi bu guramanyň baş sekretaryna ýazan hatyna getirendir.

ol şeýle-de Eýran diplomatlarynyň alnyp gaçylmagynyň halkara hukugyny, esasanam halkara ynsanperwer hukugyny bozýandygyny belläp, BMG-nyň bu meseläni çözmek jogapkärçiligini we sionist režimiň jogapkärçiligini aýtdy.