Eýranda 212 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 212,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 79 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir 995-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 250 müň 458 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 221 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 12,305-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 212 müň 176 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 12 milliondan 120 müňden geçendir şolardan azyndan 552 müňden gowragy öldi we azyndan 7 milliondan gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.