Zanganeh: Eýran ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan nebit pudagyny giňeldýär
Jul 11, 2020 14:34 Asia/Ashgabat
Eýranyň nebit ministri ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan ýurduň nebit pudagyny ösdürmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganeh Tehranda Ýaran nebit ýatagyny (Eýranyň günorta-günbatary) özleşdirmek baradaky şertnama gol çekişlik dabarasynyň çäginde Eýran hiç hili ýagdaýda ýüz öwürmez we ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan nebit pudagyny ösdürer diýdi.
Eýran bazara doly güýç bilen girip we zerur bolanda paýyny janlandyryp biler ýaly nebit pudagynyň kuwwatyny artdyrýar diýip Zangane sözüne goşdy.