Eýranda 220 müňden töweregi adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8163-eýranda_220_müňden_töweregi_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 220,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 12, 2020 16:00 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 220 müňden töweregi adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 220,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 186 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 1499-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Kowid-19” hassalarynyň umumy sanynyň 257 müň 303 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 194 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 12,829-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 219 müň 993 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 12 milliondan 865 müňden geçendir şolardan azyndan 569 müňden gowragy öldi we azyndan 7 million 500-den gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.