Musawi:Amerika režimi özüniň bikanun syýasatlaryny öňe äkidip bilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8164-musawi_amerika_režimi_özüniň_bikanun_syýasatlaryny_öňe_äkidip_bilmez
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerika režimi halkara guramalara agalyk etmegi sebäpli özüniň bikanun syýasatlaryny öňe äkidip bilmez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 13, 2020 12:54 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerika režimi özüniň bikanun syýasatlaryny öňe äkidip bilmez

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerika režimi halkara guramalara agalyk etmegi sebäpli özüniň bikanun syýasatlaryny öňe äkidip bilmez diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliy Seýed Abbas Musawi şu gün metbugat ýygnagynda 2015-nji ýylyň 14-nji iýulynyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şertnamasynyň ýyl dönümidigine yşarat edip Amerikanyň häzirki prezidenti Donald Trampyň işe başlamazdan ozal bu ylalaşyga degişli meseleler dogry suratda yzarlanylýardy ýöne Trampyň iş başyna gelmegi bilen onuň tutan tutumlary bilen Amerika döwleti ýadro ylalaşykdan çykyp Eýrana garşy sanksiýalary iki tapgyrda ýola goýandyr diýip belläp geçdi.

Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana berýän basyşlaryny güýçlendirmeginden bir ýyl soň 2019-nji ýylyň Maý aýynyň 8-nde Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşi 60 gün pursatyň çarçuwasynda Eýranyň bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmak karara geldi diýip ýatlap geçdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň dowamynda Tähranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen gorag borçnamalaryna we Goşmaça protokolyny durmuşa geçirilmegine laýyklykda Tähranyň hyzmatdaşlygy dowam edýär" diýdi.