Eýranda 222 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 222,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 349 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir 581-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 259 müň 652 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 203 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 13 müň 32-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 222 müň 539 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 13 milliondan 41 müňden geçendir şolardan azyndan 572 müňden gowragy öldi we azyndan 7 million 558 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.