Ruhani: Eýran beýik güýçleriň, esasanam Amerikanyň basyşyna asla boýun bolmaz
(last modified Wed, 15 Jul 2020 11:19:29 GMT )
Jul 15, 2020 16:19 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran beýik güýçleriň, esasanam Amerikanyň basyşyna asla boýun bolmaz

Eýranyň prezidenti, Yslam respublikasynyň hiç wagt uly güýçleriň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basyşyna boýun egmejekdigini aýtmak bilen Amerikalylar Eýranyň halkynyň bähbitlerine garşy weýran ediji hereketlerine garamazdan hiç haçan öz maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerini bilmelidirler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde sanksiýalara we Coronawirusy sebäpli ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan ýurtda nebit bolmazdan inflýasiýanyň azalmagyna we ykdysady ösüşe yşarat edip Eýran ABŞ-nyň hereketleriniň öňünde hiç wagt üzňeleşmedi we bolmaz, ykdysady ösüşi hem durmaz diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň bäş ýyllygy barada durup geçip, ABŞ-nyň hökümetiniň bu halkara ylalaşykdan bikanun çykarylmagyny sionistleriň, sebit reaksiýalarynyň we Amerikan ekstremistleriniň üçburçlugynyň tagallasy diýip atlandyrmak bilen Eýranyň parahatçylykçydygyny subut etmek, ençeme ýyl bäri Eýrana garşy propagandany abraýdan düşürmek, duşmanyň Eýranyň milli howpsuzlygyny bozmak synanyşyklarynyň öňüni almak we Howpsuzlyk Geňeşiniň Tährana garşy çykaran kararlary ABŞ-nyň tagallalaryna garamazdan şu güne çenli saklanyp galan ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň üstünlikleridir diýip belläp geçdi.

Ruhani Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň soňlanmagyny halkara hukugyny we köptaraplylygy goramak üçin möhüm ädim hasaplap Tähranyň bu ugurdaky wakalara ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy.