Eýranda takmynan 228 müň adamyň koronadan gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 228,000-den adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 388 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 771-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 264 müň 561 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 199 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 13 müň 410-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 227 müň 561 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 13 million 500 müňden geçendir şolardan azyndan 581 müňden gowragy öldi we azyndan 7 million 875 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.