Eýranda 232 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda 232,000-den gowrak adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 379 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 852-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 269 müň 440 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 183 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 13 müň 791-e ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 232 müň 873 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 14 million adama bardy şolardan azyndan 593 müňden gowragy öldi we azyndan 8 million 294 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.