Şamhani Pompeo ýüzlenýär: Eýrana garşy ýeňilendigini boýun almak samsyk öwünmekden gowudyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8212-Şamhani_pompeo_ýüzlenýär_eýrana_garşy_ýeňilendigini_boýun_almak_samsyk_öwünmekden_gowudyr
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň esassyz aýyplamalaryna jogap edip, Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Eýrana garşy ýeňlişiň kabul edilmegini samsyk we goldanmaýan öwünmekden has gowy diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 18, 2020 16:50 Asia/Ashgabat
  • Şamhani Pompeo ýüzlenýär: Eýrana garşy ýeňilendigini boýun almak samsyk öwünmekden gowudyr

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň esassyz aýyplamalaryna jogap edip, Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Eýrana garşy ýeňlişiň kabul edilmegini samsyk we goldanmaýan öwünmekden has gowy diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo şenbe güni Eýran ýaly ýurtlara "oňuşmak däl-de diňe güýç jogap berer" diýmek bilen ABŞ-nyň häzirki döwleti Eýrana garşy täze syýasaty durmuşa geçirdi diýip toslady.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna twit edip 40 ýyldan gowrak wagt bäri Waşington ähli güýjüni Eýrany ýeňmek üçin ulandy, emma henizem şowsuzdyr diiýp nygtady.

Şamhani: "Güýçli Eýrana garşy ýeňilendigini boýun almak akmak we goldanmaýan öwünmekden gowudyr" -diýdi.