Eýranyň Daşary işler ministri Bagdada sapar edýär; Ertir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8213-eýranyň_daşary_işler_ministri_bagdada_sapar_edýär_ertir
Eýranyň Daşary işler ministri Yrak resmileri bilen duşuşmak üçin ýokary derejeli topara ýolbaşçylyk edip Bagdada sapar edýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 18, 2020 17:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri Bagdada sapar edýär; Ertir

Eýranyň Daşary işler ministri Yrak resmileri bilen duşuşmak üçin ýokary derejeli topara ýolbaşçylyk edip Bagdada sapar edýär.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehran bilen Bagdadyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek üçin ertir (ýekşenbe) Yraga gider.

Bu saparyň dowamynda umumy kynçylyklar we umumy gyzyklanma üçin öňe gidişlik mümkinçiliklerinden peýdalanmak mümkinçiligi öwreniler.

Eýranyň Daşary işler ministri Prezident, premýer-ministr, mejlisiň başlygy we Yragyň Daşary işler ministri bilen duşuşar.

Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazimi duşenbe we sişenbe günleri Riýad we Tehrana sapar etmekçi. ondan soňra Yrak resmileriniň habar bermegine görä ABŞ bilen strategiki gepleşikleriň ikinji tapgyry üçin Waşingtona barar.