Bagdatda Eýranyň daşary işler ministeriniň Yragyň resmileri bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8218-bagdatda_eýranyň_daşary_işler_ministeriniň_yragyň_resmileri_bilen_duşuşygy
Eýranyň Daşary işler ministri şu gün Bagdatda we Yragyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 19, 2020 12:01 Asia/Ashgabat
  • Bagdatda Eýranyň daşary işler ministeriniň Yragyň  resmileri bilen duşuşygy

Eýranyň Daşary işler ministri şu gün Bagdatda we Yragyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif we Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli taraplary, şol sanda syýasy, ykdysady, howpsuzlyk we beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Yragyň premýer-ministriniň Eýrana ýakyn wagtda boljak sapary, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Yraga eden saparynda hasyl bolan ylalaşyklary yzarlamak, Sardar Soleýmaniniň we Abu Mahdi Al-Mohandesiň şehit bolmagyny yzarlamak üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek,esasanam ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmek terrorçylyga garşy bilelikde göreşmek we Korona garşy göreşde tejribe alyşmak Eýranyň we Yragyň Daşary işler ministrleriniň ara alyp maslahatlaşan mozuklaryndandyr.

Yraga sapar eden Zarif baran badyna, Bagdadyň howa menziliniň golaýynda general Gassem Soleýmanyň, Abu Mahdi al-Mohandesiň we olaryň ýoldaşlarynyň şehit bolan ýerine baryp gördi.

Bagdada sapar eden Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün (ýekşenbe) Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn bilen geçirilen metbugat ýygnagynda "gynansak-da general Gassem Soleimani we Abu Mahdi Al-Mohandesi şehit etmekdäki ABŞ-nyň terrorçylyk hereketi sebitdäki terrorçylyga garşy herekete uly zyýanlary ýetirendir diýip beýan etdi.

Zarif, Eýran bilen Yragyň bu jenaýaty edenleri yzarlamak we jogapkärçilige çekmek üçin bilelikde işleýändigini aýtdy.

Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn metbugat ýygnagynda Bagdadyň goňşy ýurtlar bilen deňagramly gatnaşyklary gözleýändigini aýtdy we korona epidemiýasyna garamazdan Eýran bilen Yragyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Yrak saparynyň dowamynda bu ýurduň premýer-ministri Mustafa al-Kadhimi,prezidenti Barham Saleh we Yrak mejlisindäki Al-Fatah koalisiýasynyň başlygy Hadi al-Amiri bilen duşuşyp gürrüň etdi.