Ruhani içerki mümkinçiliklere daýanmak bilen meseleleriň çözülmegini nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti içerki mümkinçiliklere daýanmak arkaly kynçylyklaryň çözülmegini nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün döwletiň Ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde ykdysady söweş sebäpli ýüze çykan kyn şertlere, ABŞ-nyň sanksiýalaryna we iň ýokary basyşyna, şeýle hem koronanyň ýurtda ýaýramagynyň gutulgysyz çäklendirmelerine yşarat edip Eýran döwleti, elbetde, içerki mümkinçiliklere we hyýaly şygarlardan uzakda bolan amaly we obýektiw çözgütlere daýanmak bilen, häzirki kyn ýagdaýa real garamak bilen ýurduň meselelerini çözmäge synanyşýar diýdi.
Ruhani, Eýranyň döwletiniň kyn ykdysady şertler bilen garşylaşmak üçin bu ençeme ýyllyk tejribäni halkyň, aktiwistleriň we ykdysady bilermenleriň goldawy we ýurtdaky beýleki güýçleriň hyzmatdaşlygy bilen bu kynçylyklary üstünlikli arka taşlajakdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, çylşyrymly ykdysady päsgelçiliklere we meselelere garamazdan, Eýranyň bu kyn şertleri ýeňip geçmäge ukyplydygyny aýtdy.