Eýranda takmynan 238 müň adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8220-eýranda_takmynan_238_müň_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 238,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 19, 2020 12:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranda takmynan 238 müň adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 238,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 182 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 324-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 273 müň 788 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 209 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 14 müň 188-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 237 müň 788 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 14 million 500 müň adama bardy şolardan azyndan 605 müňden gowragy öldi we azyndan 8 million 635 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.