Galibaf: Eýran-Hindistan hyzmatdaşlygy sebit we halkara derejesinde elmydama täsirli
Eýranyň Yslam Maslahat Assambleýasynyň başlygy,Yslam Respublikasy bilen Hindistanyň arasyndaky köne we çuňňur medeni gatnaşyklara salgylanyp, Tehran bilen Nýu-Delhiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitleýin, halkara we goşuluşmazlyk hereketiniň derejesinde elmydama täsirli boldy diýdi.
Eýranyň Yslam Maslahat Assambleýasynyň başlygy Muhammet Bager Galibaf duşenbe güni Hindistanyň Tehrandaky ilçisi Gaddam Dharmendra bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam giňeljekdigine umyt bildirmek bilen bir wagtda Käbir üçünji taraplara Eýran bilen Hindistanyň arasyndaky çuňňur we taryhy gatnaşyklara täsir etmegine ýol berilmeli däldir diýip nygtady.
Hindistanyň Tährandaky ilçisi, Eýran-Hindistan dostluk we parahatçylyk şertnamasyna gol çekilmeginiň 70 ýyllygy barada-da durup geçmek bilen Hindi ilçihanasy siwilizasiýa, taryhy we medeni umumylyklara garamazdan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek we durnuklaşdyrmak üçin işledi we Eýranyň hökümeti we mejlisi bilen hemişe aragatnaşyk saklaýar diiýp yglan etdi.