Ruhaniniň, Eýranyň ähli goňşulary we dostlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge berýän ünsi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň ähli goňşulary we dostlary bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmäge ünsi çekdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde eden çykyşynda Tehranyň goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek islegine ünsi çekip Eýranyň Russiýa, Yrak, Türkiýe, Katar, Päkistan, Owganystan we Eýran Yslam Respublikasynyň Hazar deňzinde we Pars aýlagynda dost bolan ähli ýurtlar bilen dostlukly we goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň giňeljekdigine umyt bildirdi.
Ruhani, şeýle hem Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kadhiminiň Tährana eden saparyna ünsi çekdi we Gümrük, haryt we ykdysady hyzmatdaşlyk we bank gatnaşyklary babatynda Eýran bilen Yragyň gaty gowy şertnamalarynyň bardygyny aýtdy we olar durmuşa geçiriler diýip umyt bildirdi.