Eýranda 253 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8268-eýranda_253_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 253,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 26, 2020 15:43 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 253 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 253,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 333 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 282-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 291 müň 172 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 216 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 15 müň 700-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 253 müň 213 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 16 million 225 müň adama bardy şolardan azyndan 649 müňden gowragy öldi we azyndan 9 million 925 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.