Eýranda 255 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8284-eýranda_255_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 255,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 27, 2020 13:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 255 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 255,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 434 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 436-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 293 müň 606 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 212 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 15 müň 912-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 255 müň 144 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 16 million 445 müň adama ýetdi şolardan azyndan 652 müňden gowragy öldi we azyndan 10 milliondan gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.