Ruhani: Bikanun sanksiýalaryň ýatyrylmagy gepleşikleriň şerti dälde hakykatdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, koronawirusynyň ýaýramagynyň çäginde Amerikalylaryň Eýran halkyna garşy ykdysady we dermanlyk terrorçylygyna yşarat edip Bikanun sanksiýalaryň ýatyrylmagy gepleşikler üçin şert dälde hakykatdyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani şu gün agşam ýurduň nebithimiýa we polat senagatynyň öndürijileri we aktiwistleri bilen duşuşygynda duşmanlaryň sanksiýalardan we Eýran halkyna garşy ykdysady söweşden soň Tähran olar bilen habarlaşmaga mejbur bolar mykam diýip göman etýärdiler ýöne Duşmanlaryň iň agyr ykdysady sanksiýalar girizileninden bäri geçen iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özleri birnäçe gezek gepleşiklere çagyrandyrlar.
Ruhani sözüniň dowamynda Nebit-himiýa we polat pudaklarynyň önümçiliginde Eýranyň elgeren ösüşlerine yşart edip döwlet ABŞ-nyň sanksiýalaryna we daşarky basyşyna garşy durmak bilen buýsanýan bolsa, bu garşylyk ähli öndürijileriň, maýadarlaryň we telekeçileriň, esasanam polat we nebithimiýa pudagynda işleýänleriň kömegi we tagallalary netijesinde mümkin bolandir diýdi.
Eýranyň prezidenti, polat we nebithimiýa kompaniýalarynyň önümçilik we nebit däl eksport pudagynda agyr ýük çekýändigini aýtmak bilen Eýran önümleri hil taýdan dünýä bazarynda bäsdeşlik edýändigini aýtdy.
Eýranyň prezidenti şeýle-de Nebit-himiýa we polat pudagynda ýakyn hepdelerde we aýlarda täze taslamalaryň açylmagy bilen, Eýran halky ýurduň ösüşini we önümçiligiň böküşini görer diýdi.