Eýran bilen Türkmenistanyň prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegini nygtadylar
Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri, iki ýurduň resmileriniň Tähran-Aşgabat gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek ugurda edýän tagallalarynyň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösmegine yşarat edip häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary Corona bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, şonuň üçin bu wirusa garşy göreşmek üçin birek-birege kömek etmelidir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, koronanyň döremeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pese gaçyrandygyny belläp, ýakyn aýlarda kesele has köp gözegçilik etmek we iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösjekdigine umyt bildirdi.
Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow hem iki ýurduň arasyndaky çuňňur we taryhy gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk barada çykyş edip Bagtymyza, Eýran bilen Türkmenistanyň dürli ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda gaty gowy gatnaşyklary we umumylyklary we halkara guramalaryndaky hyzmatdaşlygy bardyr diýdi.