Ruhani: Eýranyň uçar ýolagçylarynyň janyna howp salmak Amerikanyň "howa terrorçylygy"
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8309-ruhani_eýranyň_uçar_ýolagçylarynyň_janyna_howp_salmak_amerikanyň_howa_terrorçylygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, halkara koridor giňişliginde Amerikan söweşijileri tarapyndan Eýranyň ýolagçy uçaryndaky ýolagçylaryň janyna howp salmagy "howa terrorçylygy" diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 29, 2020 17:47 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýranyň uçar ýolagçylarynyň janyna howp salmak Amerikanyň

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, halkara koridor giňişliginde Amerikan söweşijileri tarapyndan Eýranyň ýolagçy uçaryndaky ýolagçylaryň janyna howp salmagy "howa terrorçylygy" diýip atlandyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün, geçirilen ministrler kabinetinde eden çykyşynda ABŞ-nyň bu hereketleriniň mundan ozal hem bu ýurt tarapyndan görlen hereketdigini aýtmak bilen ABŞ hökümetiniň bu ýalňyşlygy, Eýrana garşy syýasatyň şowsuzlygyny görkezýär we olar üçin ýekeje ýol bar, bu hukuklaryň, kanunlaryň, şertnamalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilmegi we Eýran halky üçin öwezini dolmakdyr diýdi.

Ruhani Halkara raýat awiasiýasy guramasyny (ICAO), Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini we ähli ýurtlary ABŞ-nyň hökümetiniň bu terrorçylyk hereketini togtatmaga çagyrdy.

Ruhani duşmanyň ykdysadyýeti bozmaga we Eýranyň ykdysady sütünlerini ýok etmäge synanyşýandygyny aýtmak bilen Sanksiýalara garamazdan, Eýranyň Ýewraziýa ýurtlaryna eksporty 63 göterim ýokarlandy, bu duşmanyň ykdysady taýdan üstünlikli bolmandygyny we Eýranyň ykdysadyýetini duruzyp bilmeýändigini görkezýär diýip beýan etdi.