Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy sanksiýalary jenaýatdyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şu anna güni Gurban baýramy mynasybetli telewideniýede eden çykyşynda ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy sanksiýalary jenaýatdyr diýip beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri duşmanyň sanksiýalarynyň maksatlaryny gysga möhletli, orta möhletli, uzak möhletli bilmek bilen Gysga möhletli maksat Eýran halkyny biynjalyk etmek, orta möhletli maksat Eýranyň ylmy ösüşiniň öňüni almak we uzak möhletli maksat hökümeti we ýurdy bankrot etmek we Eýran ykdysadyýetiniň çökmegidir diýdiler.
hezretleri şeýle-de duşmanyň ýene bir maksady, Eýranyň sebitdäki çydam hereketleri bilen gatnaşyklaryny kesmekdir diýmek bilen Erbet duşmanyň sanksiýalary ýola bermekden maksady hasyl bolan däldir we bolmaz we bu meseläni olaryň özleri hem boýyn alandyrlar diýip nygtadylar.
Rewolýusiýanyň ýokary lideri sanksiýalaryň problema döredendigini we oňa şübhe ýokdugyny aýtmak bilen elbet Problemeleriň hemmesi sanksiýalar bilen baglanyşykly däl, käbirleri dolandyryşyň pesligi we käbirleri korona bilen baglanyşyklydyr diýdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri ABŞ-nyň hakykaty ýoýmak we ony tersine görkezmek synanyşygyna ünsi çekip hakykaty trsine görkezmekden iki maksat yzarlanýar Biri halkyň ruhyýasyna zyýan bermek, beýlekisi sanksiýalar meselesini çözmek üçin nädogry salgy bermekdir diýip beýan etdiler.
mertebesi belent ýolbaşçy şeýle-de ABŞ-nyň Eýrandan şu günki islegi ýadro pudagyndan düýbünden ýüz öwürmek, goranyş ukybyny düýpgöter azaltmak we sebit häkimiýetinden ýüz öwürmekdyr diýmek bilen, ýöne bu talaplary kabul etmek ABŞ-nyň yza çekilmegine sebäp bolmaz we hiç bir akyl elgatyjyny duruzmak üçin onuň islegini berjaý etmekligi kabul etmeýär diýip sözlerine goşdylar.
Aýatolla Hameneýi hezretleri, asly duşmanyň diýmek ABŞ-nyň meselelerini gaty uly we Eýranyň problemalary bilen deňeşdirip bolmajak diýip atlandyrdy we häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geň synp aralygy, jyns taýdan kemsitmeler, ykdysady meseleler we giň ýaýran işsizlik, Koronadaky dolandyryş we jemgyýetçilik dolandyryşy we bu ýurduň polisiýasy tarapyndan rehimsizlik bilen öldürmeler ýaly meselelerini mysal getirip şeýle diýdiler: Häzirki wagtda Amerikany dünýäde ýigrenýärler.