Raisi: ABŞ we Ýewropa adam hukuklaryny iň uly bozýanlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8356-raisi_abŞ_we_Ýewropa_adam_hukuklaryny_iň_uly_bozýanlar
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy: "ABŞ we Ýewropa adam hukuklaryny iň uly bozýanlar we dünýäde iň ýigrenilýän ulgam, halklaryň arasynda iň ýokary ýigrenji derejesi bolan Amerikanyň agalyk ediş ulgamydyr" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 03, 2020 14:21 Asia/Ashgabat
  • Raisi: ABŞ we Ýewropa adam hukuklaryny iň uly bozýanlar

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy: "ABŞ we Ýewropa adam hukuklaryny iň uly bozýanlar we dünýäde iň ýigrenilýän ulgam, halklaryň arasynda iň ýokary ýigrenji derejesi bolan Amerikanyň agalyk ediş ulgamydyr" -diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýid Ebrahim Ra'isi duşenbe güni ýokary Kazyýet işgärleriniň Geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, Yslam respublikasy üçin kynçylyk döretmekde agalyk ediji ulgamyň hereketlerine ünsi çekip Köp ýyl bäri bütin dünýäde adalatsyzlygyň we adam hukuklarynyň bozulmagynyň günäkärleri bolan amerikalylar indi öz başyna görendirler, emma dünýäniň erkin ýurtlaryna duşmançylyklaryny dowam etdirýärler diýip nygtady.

Şeýle hem Raisi, "Tondar" terror toparynyň ýolbaşçysyny tussag edendigi üçin Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine minnetdarlyk bildirip Ynsan hukuklary ýurtlary terrorçylar üçin amatly ýere öwrüldi we ABŞ we Ýewropa bütin dünýäde bigünä adamlary öldürmekde günäkärleri terbiýeledi we goldady diýdi.