Ruhani: Eýran Liwana lukmançylyk kömegini ibermäge taýyn
Aug 05, 2020 16:02 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, bir topar Liwan halkynyň Beýrut portundaky partlamada ýitgisine gynanç bildirip Tehran ynsanperwerlik çärelerine laýyklykda lukmançylyk kömegini, ýaralananlary bejermek we beýleki zerur lukmançylyk kömegini ibermäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni Liwanyň prezidenti Mişel Auna habar iberip, Beýrut portundaky pajygaly partlamadan soň Liwan hökümetine we adamlara gynanç bildirdi.Ol ölenler üçin rahmet dileg etdi, we ýaralananlary derrew bejermek meselesini gozgady.
Tags