Ruhani: Liwan halky bu kyn wakany sabyr we raýdaşlyk bilen başdan geçirer
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8387-ruhani_liwan_halky_bu_kyn_wakany_sabyr_we_raýdaşlyk_bilen_başdan_geçirer
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň döwletiniň we halkynyň hemişe bolşy ýaly Liwan halkynyň ýanynda durjakdygyny aýtmak bilen beýik Liwan halky bu kyn wakany sabyr we raýdaşlyk bilen baş ýokary geçer diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2020 12:46 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Liwan halky bu kyn wakany sabyr we raýdaşlyk bilen başdan geçirer

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň döwletiniň we halkynyň hemişe bolşy ýaly Liwan halkynyň ýanynda durjakdygyny aýtmak bilen beýik Liwan halky bu kyn wakany sabyr we raýdaşlyk bilen baş ýokary geçer diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Liwanyň prezidenti Mişel Aoun bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşlikde Liwan hökümetine we halkyna gynanç bildirmek bilen Beýrut portunyň partlamagy Eýranlylar üçinem gaty gynandyryjydy we Eýran halky Liwan halkynyň derdine şärikdir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de Daşary işler we saglyk ministrlerine, şeýle hem Eýranyň Gyzyl ýarym aýynyň başlygyna, Liwan halkyna iň gysga wagtda kömek ýetirmek üçin Liwanly kärdeşleri bilen hemişe aragatnaşyk saklamak tabşyryldy diýip beýan etdi.

Liwanyň prezidenti Mişel Aoun hem Eýranyň hökümetine we milletine Beýrut portunda ýüze çykan partlama bilen baglanşykda bildiren duýgydaşlyklaryna minnetdarlyk bildirmek bilen Liwan halky Eýran milletiniň we döwletiniň söýgüsine hemişe ýokary baha berýändigini aýtdy.

Liwanyň prezidenti şeýle-de bu wakanyň ähli taraplaryny derňemegiň we gerek kömekleri jemlemegiň wagt alýandygyna yşarat edip ýöne Eýran bilen Liwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň we dostlugyň taryhy Liwan döwleti we halky kömege mätäç bolanda Eýran halky we döwleti kömek etjekdigini subut edendir diýdi.