Eýranda 282 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8399-eýranda_282_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 282,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 08, 2020 10:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 282 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 282,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 125 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 49-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 324 müň 692 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 132 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 18 müň 264 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 282 müň 122 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 20 million adama ýetdi şolardan azyndan 724 müňden gowragy öldi we azyndan 12 million 565 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.