Şamhani: Eýran bar bolan kynçylyklary işjeň garşylyk we milli raýdaşlyk bilen ýeňer
Eýranyň Milli Howpsuzlyk boýunça ýokary Geňeşiniň sekretary Günbataryň Tehrana garşy alyp barýan syýasatlaryna ünsi çekip, Yslam respublikasy bar bolan kynçylyklary işjeň garşylyk we milli raýdaşlyk bilen ýeňip geçer diýdi.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk ýokary Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani ýekşenbe güni twit ýazyp Eýranyň Gündogar bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň öňüni almak we milli ykdysadyýetiň nebite garaşlylygyny dowam etdirmek Günbataryň Tehrana garşy alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär diýdi.
Şamhani sözüniň dowamynda "Eýran bu iki zady uzak wagtlap (Gündogar bilen strategiki hyzmatdaşlyk we milli ykdysadyýetiň nebitden garaşsyzlygy) etmek kararyna geldi we işjeň garşylyk we milli raýdaşlyk bilen bar bolan kynçylyklary ýeňip geçer" diýip nygtady.