Musawi: Amerikalylar BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8427-musawi_amerikalylar_bmg_nyň_howpsuzlyk_geňeşiniň_mehanizminden_hyýanatçylykly_peýdalanýarlar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Yslam respublikasynyň ýarag gadaganlygyny giňeltmek baradaky tagallasyna yşarat edip Amerikalylar BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanýarlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 10, 2020 11:53 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Amerikalylar BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanýarlar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň Yslam respublikasynyň ýarag gadaganlygyny giňeltmek baradaky tagallasyna yşarat edip Amerikalylar BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanýarlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi duşenbe güni metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny uzaltmak baradaky täze taslamasynyň ertir BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde hödürlenjekdigi barada gürrüň gozgap bu çäre, Eýrana garşy bolmazdan ozal halkara mehanizmlerine we BMG Howpsuzlyk Geňeşine garşydyr diýip beýan etdi.

Musawi Amerikalylaryň BMG Howpsuzlyk Geňeşini ýok etmek ýa-da boýun egdirmek isleýändigini we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň Amerikalylaryň duzagyna düşmezligi üçin seresap bolmalydygyny aýtmak bilen elbetde Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň seresap bolmaklary bilen Amerikalylaryň bu işi şowsuz bolar diýip ynam bildirdi.

Eýranyň diplomatik korpusynyň metbugat wekili Saud Arabystanynyň Pars Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretarynyň Eýranyň ýarag gadaganlygyny uzaltmak baradaky Howpsuzlyk Geňeşine ýakynda iberen hatyny bermekde we gol çekmekdäki roly barada-da durup geçmek bilen ynamly habarlara görä, Pars Aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň käbir agzalary hatyň mazmunyndan bihabardylar.