Raisi: Amerika, Ysraýyl we käbir Ýewropa ýurtlary Liwanda gozgalaň turuzmak isleýärler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8428-raisi_amerika_ysraýyl_we_käbir_Ýewropa_ýurtlary_liwanda_gozgalaň_turuzmak_isleýärler
Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Beýrutda bolup geçen agyr waka üçin gynanç bildirmek bilen Amerikalylaryň, Sionistleriň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň Liwanda gozgalaň turuzmak isleýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 10, 2020 12:13 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Amerika, Ysraýyl we käbir Ýewropa ýurtlary Liwanda gozgalaň turuzmak isleýärler

Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Beýrutda bolup geçen agyr waka üçin gynanç bildirmek bilen Amerikalylaryň, Sionistleriň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň Liwanda gozgalaň turuzmak isleýändigini aýtdy.

Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Seýed Ybraýym Raisi duşenbe güni beren gürrüňlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ysraýylyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň Liwan halkyna garşy hiç hili dildüwşük döredip bilmezler diýmek bilen, olaryň Liwandaky maksatlaryna ýetip bilmejekdigini aýtdy.

Raisi Liwanyň agzybirliginiň we jebisliginiň zerurdygyna ünsi çekip , Hizbullahyň häzirki wagtda Liwanyň abraýy, buýsanjy we altyn ýapragydygyny nygtap duşmanlaryň oňa zyýan berip bilmejekdigini aýtdy.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy, Beýrut portundaky partlamany amala aşyrýanlaryň we günäkärleriň ýeterlik derejede derňelmelidigini aýdyp wakanyň Liwan halky we beýleki ýurtlar üçin ölçegleriniň aýdyňlaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy.

Geçen sişenbe güni Beýrut portundaky ýangyç saklanylýan ammarlaryň birisinde güýçli ýangyndan soň uly partlama boldy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, partlama 150-den gowrak adamyň ölmegine we 5000 töweregi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.