Waezi: BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary uly synag bilen ýüzbe-ýüzdirler
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň ABŞ-nyň 2231-nji kararyny bozmagyna bolan reaksiýasyny olaryň garaşsyzlygyny görkezmek üçin uly synag diýip atlandyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy "Mahmud Waezi" duşenbe güni twitter hasabynda ýazan matlabynda Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary ozleriniň garaşsyzlygyny görkezmek üçin we ABŞ-nyň Eýrana garşy basyşlarynyň garşysynda we 2231-nji düzgünini bozmak we ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny dargatmak baradaky basyşyna negatiw reaksiýa bildirmek üçin uly synag bilen ýüzbe-ýüzdirler diýip ýazdy.
Amerika, häzirki wagtda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna garamazdan, Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagynyň howply bojakdygyny toslap, Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagynyň öňüni almak ugurda tagalla edýär.
Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Eýrana garşy ýarag gadaganlygy ýatyrylar.