Ruhani: Eýranda korona sanjymyny we dermanyny öndürmek üçin möhüm ädimler ädildi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti korona sanjymyny öndürmek baradaky tagallanyň ahyrky netijä ýetýänçä işleriň güýçli suratda dowam etjekdigini aýtmak bilen Eýranda korona sanjymy we dermanyny öndürmek üçin möhüm ädimler ädildi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni döwlet, jemgyýetçilik we bilim esasly kompaniýalar ýaly dürli pudaklarda derman we sanjym öndürmek pudagyndaky öňdebaryjy ýolbaşçylar topary bilen geçiren duşuşygynda döwlet, Eýranly ýaş alymlary, gözlegçileri we derman serişdelerini we korona sanjymlaryny öndürmek üçin jogapkär bilimlere esaslanýan kompaniýalary we hünärmenleri goldaýar diýip yglan etdi.
Eýranyň prezidenti, ýurtda dürli usullary ulanyp, korona sanjymyny öndürmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatlara salgylanyp,Eýran Yslam Respublikasyň dünýäniň ösen ýurtlary bilen birlikde koronawirusa dermanlar we sanjymlar öndürmekde möhüm ädimleri ädendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Said Namaki" sosial aralyklaryň we ýurtda maskalaryň ulanylmagynyň ölümiň azalmagyna sebäp bolandygyny aýtmak bilen Eýran korona sanjymyny öndürmekde öňdebaryjy tapgyra gadam basdy we haýwan synagyndan geçip barýandyr diýdi.