Galibaf: Sionist režime garşy göreş hiç wagt durmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8469-galibaf_sionist_režime_garşy_göreş_hiç_wagt_durmaz
Eýranyň mejlis başlygy BAE bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky ylalaşyga yşarat edip Sionist režimine garşy göreş hergiz durmaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 16, 2020 13:07 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Sionist režime garşy göreş hiç wagt durmaz

Eýranyň mejlis başlygy BAE bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky ylalaşyga yşarat edip Sionist režimine garşy göreş hergiz durmaz diýdi.

Eýranyň parlament başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni parlamentiň açyk mejlisinde BAE-nyň dolandyryjy döwletiniň jenaýatçy sionist režimi bilen kemsidiji ylalaşygyna yşarat edip bu şertnama adamzat gymmatlyklaryna, Yslam ymmatynyň yslam taglymatlaryna we Palestinanyň uly maksatlaryna aç-açan dönüklikdir diýip beýan etdi.

Galibaf sözüniň dowamynda adamzadyň duşmanlarynyň we Yslam ymmatyna dönükleriň hakyky ýüzlerini açandygyny aýdyp Sionist režim bilen dostlaşýanlar, bütin Yslam ymmatynyň gözüniň alnynda dönük we jenaýatçy hasaplanmagynda aýry sionist režiminiň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň ähli aýylganç hereketlerinde, şärikler bolarlar diýip belläp geçdi.

Eýranyň mejlis başlygy, jenaýatçy sionist režiminiň duşmanlary bilen dostlarynyň, dogry bilen ýalňyşyň we ikiýüzlüler bilen musulmanlaryň arasynda aç-açan hatar gurulmagy şübhesiz, Mukaddes Kudusyň azat edilmegine baryp çatjak çydam toparyny güýçlendirjekdigini aýtdy.

Abu Dabi bilen Tel Awiw geçen hepdäniň penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň BAE bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryndan soň diplomatik gatnaşyklaryň doly kadalaşmagy barada ylalaşyk gazandylar.