Hatibzadeh: Owganystandaky şu günki wakalar söweşiň we ABŞ-nyň gatyşmagynyň netijesidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8486-hatibzadeh_owganystandaky_şu_günki_wakalar_söweşiň_we_abŞ_nyň_gatyşmagynyň_netijesidir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystandaky häzirki wakalaryň urşa itergi we ABŞ-nyň bu ýurda gatyşmagynyň netijesidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 17, 2020 15:35 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Owganystandaky şu günki wakalar söweşiň we ABŞ-nyň gatyşmagynyň netijesidir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystandaky häzirki wakalaryň urşa itergi we ABŞ-nyň bu ýurda gatyşmagynyň netijesidigini aýtdy.

Tele-Radio habar gullugynyň habaryna görä; Duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Saeid Hatibzadeh ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýrana Talybana ýarag iberendigi baradaky esassyz aýyplamalaryny ret edip Häzirki wagtda Owganystanda bolup geçýän wakalar söweşiň we ABŞ-nyň Owganystana goşulyşmagynyň netijesidir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda "ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň aýyplamalary bir hili çaklama we owgan halkynyň jemgyýetçilik pikirini Waşingtonyň DAEŞ-e berýän kömeginden sowmak synanyşygydyr." diýip nygtady.

Hatibzadeh Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň DAEŞ toparyna kömek etmek üçin Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) howandarlygynda Owganystanyň üstünden uçýan dikuçarlaryň şahsyýeti baradaky talaplara henizem jogap bermändigini aýtdy.