Zarif: ABŞ-nyň Eýrana garşy rezolýusiýasynyň şowsuzlygy halkara gatnaşyklarynyň üýtgemeginiň netijesidir
Eýranyň daşary işler ministri, soňky wagtlarda ABŞ tarapyndan BMG Howpsuzlyk Geňeşine ileri sürilen kararynyň şowsuzlygayny halkara gatnaşyklarynyň üýtgemeginiň netijesi hasaplady.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni dördünji göni Instagram çykyşynda Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaňy-ýakynda Eýrana garşy ýarag embargosyny uzaltmak baradaky kararda diňe bir ýurduň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýoldaş bolandygyna ünsi çekip, "Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem hasaplaýyş ýalňyşlygy edip biler" -diýdi.
ABŞ-nyň Eýranyň ýarag embargosyny uzaltmak baradaky teklibi geçen anna güni agşam 11 saklanmak bilen ret edildi, ABŞ we Dominikan respublikasy teklibi goldady we Russiýa bilen Hytaý hem oňa garşy çykdylar.