Eýranda takmynan 301 müň adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8489-eýranda_takmynan_301_müň_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary “Covid-19” bilen 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 301,000 adamyň sagaldylandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 18, 2020 11:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranda takmynan 301 müň adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary “Covid-19” bilen 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 301,000 adamyň sagaldylandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 358 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 66-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 347 müň 835 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 168 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 19 müň 972 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 300 müň 881 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 22 million adamdan gecdi şolardan azyndan 778 müňden gowragy öldi we azyndan 14 million 810 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.