Galibaf:Palestina halkynyň hukuklary ugurda yslam ýurtlarynyň mejlisleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurdyr
Eýranyň mejlis başlygy, BAE bilen sionist režimiň arasyndaky utandyryjy şertnama garşy çykmak we palestinalylaryň aýrylmaz hukuklaryny tassyklamak üçin Yslam ýurtlarynyň mejlisleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň Yslam Maslahat Assambleýasynyň başlygy Muhammet Baker Kalibaf duşenbe güni Yslam ýurtlarynyň mejlis başlyklaryna iberen ýüzlenmesinde BAE-nyň sionist režim bilen ylalaşyk meýilnamasynyň Yslam ýurtlarynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Yslam ýurtlaryň Parlamentara Bileleşiginiň ähli tagallalaryny puja çykarýandygyny aýtmak bilen şübhesiz diňe Palestina halkynyň we çydamyň yradasy Palestinanyň taryhy ýurdyny azat edip biler diýip ynam bildirdi.
Galibaf palestina halkynyň aýrylmaz hukuklaryny bozýan hereketleri ýazgarmak bilen Birleşen Arap Emirlikleri bilen galp sionist režimiň arasyndaky eglişik Abu Dabiniň strategiki ýalňyşlygy we jenaýatçy Sionist režiminiň jenaýatlaryny dowam etdirmek üçin öjükdiriji we höweslendiriji ädimdir, bu bolsa sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýar diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň mejlis başlygy, musulman halklarynyň wekilleri hökmünde Yslam ýurtlarynyň mejlisleriniň Yslam taglymatyna esaslanyp BAE hökümdarlarynyň hereketlerini berk ýazgarmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Yslam ýurtlarynyň parlamentleriniň başlyklaryny Abu Dabi bilen Tel Awiwiň arasyndaky erbet şertnama garşy çykmak üçin ähli parlament çärelerini we başlangyçlaryny ulanmaga çagyrdy.
ABŞ, Sionist režim we Birleşen Arap Emirlikleri geçen penşenbe güni bilelikde beýannama berip, Abu Dabi bilen Tel Awiwiň gatnaşyklary resmi taýdan kadalaşdyrýandygyny yglan etdiler.
Ysraýyl-BAE şertnamasy palestinaly toparlaryň, sebitdäki ýurtlaryň we dünýäniň syýasy işgärleriniň birnäçesinde giňden ýaýran garşylyklary döretdi.