general Hatami: Eýranda strategiki ýarag öndürmekde kynçylyk ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8492-general_hatami_eýranda_strategiki_ýarag_öndürmekde_kynçylyk_ýok
Eýranyň Goranmak ministri dürli düýp gurluşyklaryň bolmagy sebäpli Eýranyň strategiki ýarag öndürmekde kynçylyk çekmeýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 18, 2020 14:06 Asia/Ashgabat
  • general Hatami: Eýranda strategiki ýarag öndürmekde kynçylyk ýok

Eýranyň Goranmak ministri dürli düýp gurluşyklaryň bolmagy sebäpli Eýranyň strategiki ýarag öndürmekde kynçylyk çekmeýändigini aýtdy.

Eýranyň Goranmak ministri brigada generaly Amir Hatami şu gün mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzalary Goranmak ministrliginiň goranyş başarnyklaryny tomaşa goýýan sergisine baryp görenden soň olar bilen bolan duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň Goranmak ministrligi milli howpsuzlygy pugtalandyrmakda we howpsuzlygy saklamakda alyp barýan işleri dowam etdirer diýdi.

Brigada generaly Hatami, Eýranyň Goranmak ministrliginiň ýurduň goranyş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerine we infrastrukturasyna yşarat etmek bilen Eýranyň Goranmak ministrligi, önüm badalgasy diýlip atlandyrylýan ýylda goranyş bilimlerini artdyryp, ýurduň ykdysady we raýat pudagyna kömek bermäge taýýardyr diýip yglan etdi.

Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Hojjatoleslam Mojtaba Zolanuri hem bu ýygnakda beren gürrüňlerinde siber we elektron söweşleri, raketalar, gury ýer, deňiz we howa söweşleri barada çekişmede Eýranyň öňüni alyş ukybyny gowulandyrmak üçin dürli işler edildi diýip habar berdi.