Kamalwandi:Eýran ýadro mowzugy hakynda Amerika bilen gepleşmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i851-kamalwandi_eýran_ýadro_mowzugy_hakynda_amerika_bilen_gepleşmez
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Eýran Yslam Respublikasy ýadro mowzugy we öz häkimiýetine degişli meseleler hakynda Amerika döwleti bilen gepleşige girişmez diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 22, 2017 18:35 Asia/Ashgabat
  • Kamalwandi:Eýran ýadro mowzugy hakynda Amerika bilen gepleşmez

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Eýran Yslam Respublikasy ýadro mowzugy we öz häkimiýetine degişli meseleler hakynda Amerika döwleti bilen gepleşige girişmez diýdi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi Şin Hua habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Waşington bilen gepleşikler gapysy açykdyr emma Eýranyň häkimiýetine we ýadro işlerine degişli meseleler hakynda hiç haçan gepleşik geçirilmez diýip yglan etdi.

Kamalwandi şeýle-de ýadro ylalaşygyň bilelikdäki iş maslahaty esasynda taraplar öz üstüne duşýan borçlary ýerine ýetirmelidirler diýip sözüne goşdy.

5+1 ýurtlaryň resmileri ýadro ylalaşygyna ýetmek ugurda ençeme ýyllap köp tagalla etdiler oňa görä Amerika döwleti şu ugurda jogapkärçilikli amal etmelidir diýip Behruz Kamalwandi nygtap geçdi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň metbugat wekili Behruz Kamalwandi şeýle-de ýadro ylalaşygyny bozmagy barada Amerika döwletine duýduryş berip Amerika ýene bir gezek Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrsa Eýranyň bu herekete berk jogaby berjekdigini aýtdy.

Eýran bilen 5+1 ýurtlary arasyndaky ýadro ylalaşygy 2016-nji ýylyň Ýanwaryndan ýerine ýetirilip başlanan bolsada emma bu toparyň bir agzasy höküminde Amerika döwleti bu ugurda iş bozarluk edýändir.